Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


PsihologiýaSiziň üçin...Slider

Talyplyga dalaşgär ýaşlara aýtjak sözüm bar…

Dalaşgär - 2022

  • Ilkinji nobatda, synaglardan üstünlikli geçip biljegiňize ynanyň. Ynanmak işi amal etmegiň ýarysydyr. Özüňizi dalaşgär däl-de, talyp ýaly duýmaga çalşyň. Mümkin boldugyndan, synag gaýgysyna aşa berilmejek boluň. Geçen günleriňize nazar salyň we şowly pursatlaryňyzy ýatlaň. Öň şowlulyk bilen ýoluňyz gabatlaşan bolsa, ol sizi ýene-de terk etmez. Maksada okgunly boluň.
  • Geçen ýyllarda synaglardan geçip bilmedik adamlar bilen däl-de, häzirki wagtda talyp bolup okaýanlar bilen köpräk söhbetdeş boluň. Eger söhbetdeşiňiz hut siziň saýlan ýokary okuw mekdebiňizde okaýan bolsa-ha, has gowy.
  • Käbir dalaşgärler synagdan geçmezden öňürti ýokary okuw mekdebi barada giňişleýin maglumat almagy manysyz hasaplaýar. Ýöne bu asla manysyz iş däldir. Çünki girmek isleýän ýokary okuw mekdebiňiz barada näçe köp maglumatyňyz boldugyça, öňüňiz şonça ýagty görüner. Baý maglumat goruňyz sizde ynamlylygy oýarar. Şonuň üçin hem resminamalaryňyzy tabşyrmaga baranyňyzda-da özüňizi gyzyklandyrýan soraglary bermäge çekinmäň.
  • Ýokary okuw mekdebiniň synag düzgüni bilen ýakyndan tanyş boluň! Giriş synaglarynyň birnäçe düzgüni bardyr. Meselem, daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň käbirinde, şol sanda Halkara türkmen-türk uniwersitetinde giriş synaglary barlagnamalar (test) arkaly geçirilýär. Barlagnamanyň dilden geçirilýän synagdan üýtgeşik bolýanlygy üçin düzgünleri gowja öwreniň. Sebäbi käbir barlagnamalar jogaplananda birnäçe (köplenç, üç ýa-da dört) ýalňyş jogabyň bir sany dogry jogaby köýdürýändigini ýatladýarys.
  • Synag geçirilýän şäherde ýaşamaýan bolsaňyz, şähere synagdan bir-iki gün öň geliň. Gelşiňize-de ýokary okuw mekdebine baryp, onuň salgysyny, telefon belgisini öwreniň. Synagyň wagtyny anyk kesgitläň.
  • Synaga birnäçe gün galanda saglygyňyza üns beriň. Çünki näsag ýa-da şikesli halda synag tabşyrmak sizi ruhy taýdan bökdäp biler. Hatda kiçijik ten şikesi hem synagda rahatsyzlygyňyzy bozup biler.
  • Synaglar ýakynlaşdygyça öňki okalanlary gaýtalamak we maglumat goruňy baýlaşdyrmak peýdaly bolup biler. Ýöne ertir synag diýlen güni dynç alyň. Synagda beden taýdan hem, akyl taýdan hem ýadawlyk bildirmesin. Şol günki kadaly uky hem synagdaky üstünligiňiz üçin uly orun tutýar. Şeýle-de şol gün iýip-içýän zatlaryňyza hem dykgatly çemeleşiň.
  • Synaga gireniňizde ilkinji gerek zat ruhubelentlikdir. Bir ugra ýüzlerçe dalaşgäriň bolmagy sussuňyzy peseldip biler. Ýöne maslahatlarymyzyň ýokarky bölümlerinde hem aýdyşymyz ýaly, özüňizi okuwa kabul edilenleriň hatarynda duýuň.
  • Synagda gözegçi mugallymlaryň gözükdirmelerini gowy diňläň. Gyzyklandyrýan soraglaryňyzy bermekden çekinmäň. Aljyramaň. Rahat oturyň. Sizi birahat edip biljek hiç bir zadyň ýokdugyna ynanyň.
  • Soraglary doly okaň. Olara ähli aýratynlyklary bilen düşünmäge çalşyň. Eger-de soraga doly we dogry düşünseňiz, bu siziň işiňizi ep-esli derejede ýeňilleşdirer. Jogaplary berlen kagyza doly ýazyň. Sebäbi siziň synagda görkezen derejäňizi, esasan, jogap kagyzlary kesgitleýär.
  • Dilden alynýan synaglarda, adatça, bir sorag kagyzynda iki ýa-da üç sorag bolýar. Dartgynlylykdan ýaňa soraglaryň anyk jogaplary ýadyňyza düşmän biler. Ýöne dartgynlylyga özüňizi aldyrmaň. Sabyrly boluň! Rahatlygyňyzy gazanyp bilseňiz, joagplar ýadyňyza düşer.

Feruza ALLANAZAROWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com