Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
HabarlarReportažSöhbetdeşlik

«Täç hil» barada gysgaça reportaž

Ýurdumyzda dürli maksatly önümler öndürilip, halk köpçüligine ýetirilýär. Senagatyň we telekeçiligiň ösmegi netijesinde halkymyz ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen üpjün edilýär. Hojalyk harytlaryň her bir maşgalanyň gündelik durmuşynda ulanýan harytlary häzirki wagtda «Täç hil» hususy kärhanasy tarapyndan ýokary hilli görnüşde öndürilýär. Bu önümçiligiň önümleri barada gyzykly sowallarymyza jogap tapmak üçin şol hususy kärhananyň satyş boýunça jogapkäri Eziz Gurdow bilen söhbetdeş bolduk.

-Eziz, «Täç hil» hususy kärhanaňyzyň işe başlan döwürlerinden söhbetimize başlaýsak.

― Täç hil hususy kärhanasy 2009-njy ýylda işe başlady. Ilki polietilen paketleriň önümçiligini ýola goýduk. Ol paketler dürli ölçegde we dürli görnüşde öndürilip başlandy.

-Önümleriň görnüşleri.

― Polietilen paketlerden başlan önümçiligimiziň soňra has-da gerimi giňäp, çygly süpürgiçleriň 17 görnüşi öndürildi. Bu çygly süpürgiçler özleriniň bir gapda ýerleşiş sany, aýratyn ys berijiligi, ulanyşlary boýunça tapawutlanýarlar. Ýaňy doglan çagalardan başlap, dürli ýaşdaky raýatlarymyz üçin dürli maksatlar esasynda öndürilip başlandy we häzirki wagtda-da dowam edýär. Gap-gaç ýuwujy serişdeleriň hem önümçiligi häzirki wagtda has-da artdy. Antibakterial önümlerini önürmekde hem «Täç hil» hususy kärhanamyz birnäçe işleri alyp barýar. Olaryň 20-ä golaý görnüşi halk köpçüligine hödürlenilýär. Soňky çykaran önümlerimiziň arasynda dürli ysly atyrlarymyzy hem aýdyp bolar.

-Müşderiler bilen işleşişiňiz.

― Müşderiler biziň gymmatlyklarymyz. Her bir ynsanyň islegi bizde içgin öwrenilýär. Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, etrap şäherlerde bildirilýän islegleri ýörite hasaplamalar boýunça anyklap, şoňa görä-de önümçiligiň görnüşleriniň sanyny kesgitleýäris. Haýsy önümiň görnüşlerine isleg bildirilse, şol önümiň sanyny artdyrýarys.

-Geljekki maksatlaryňyz.

― Mähriban Arkadagymyz telekeçilik we önümçilik ýoluna uly üns berýär. Biz hem geljekde şol mümkinçiliklerden peýdalanyp önümçiligimizi mundan-da beýläk ösdürip, ýokary hilli we dürli görnüşli önümlerimiz bilen ildeşlerimizi begendireris diýip ynandyrýarys.

-Eziz, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp saagbolsunlarymyzy aýdýarys. Döwletli işiňizde üstünlikleriň mydama ýar bolmagyny arzuw edýäris.

― Sagboluň!

 

Söhbetdeş bolan:  Şaperi OTUZOWA,

žurnalist.

 

 

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu