Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Göwün küýsegi

Şygyr bäsleşigine: Sag boluň!

Bize ýaralary ýetiren, sözler,

Ykbaldan nähili roly, tutdyňyz.

Bir bilsedi mähri, garaja gözler,

Durmuşda nähili ýoly goýduňyz.

 

Janyňyz sag bolsun, päsgel berýänler,

Durmuş hasratlary şeýle synaýar.

Biziň işlermize, päsgel berişip,

Bizi döwjek bolup, janyn gynaýar.

 

Ýitgini bilmeýär kalbym hiç hili,

Uzalýandyr ýolda bularyň dili.

Gaýtawul bermäne ysmaz ýüregim,

Alyp hem giderler saralan güli.

 

Beýle niýet edýän, zalym bolmasa,

Nädip özgertmeli, ösüş bolmaly,

Olaryň döredýän päsgellerini,

Nädip müň pikirsiz, gyra goýmaly.

 

Ýagşylykdyr sahawatdan dolanlar,

Müň gezek siz üçin, aýdaryn gaýta,

Ähli zatlar üçin, sag boluň size,

Ösmek nirde bolsun, sizsiz ylaýta.

 

 

Terjime edenAýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ýene-de okap bilersiňiz

3 Synlar

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu