Tebigat özüniň geň-enaýy täsinlikleri, heniz bilinmeýän açyşlary bilen bizi mydama haýran galdyryp gelýär. Dünýä ýüzüniň çar künjünde şeýle täsinlikleriň ençemesi bar we bu ajaýyplyklar tebigatyň gözelligine görk goşýar. Mydama gök öwüsýän agaç bolan “sütündäki üzümiň” hem şolaryň biridir. Onuň hakyky ady – Jabotikaba (Jaboticaba). Bu ady “jabuti – pyşbaga” we “kaba – ýer”, ýagny “pyşbaganyň bolýan ýeri” diýmegi aňladýar. Çünki oňa ilkibaşda şeýle ýerlerde duş gelnipdir. Dörän ýeri Braziliýa bolany üçin, oňa başgaça “brazil üzümi” hem diýilýär. Ol uly bolmadyk agaç bolup, beýikligi 5-8 metr, tropiki giňişliklerde ösmegi halaýar.

Geň galdyryjy ýeri-de miweleri agajyň esasy sütüninde we şahalaryň göni üstünde ösýär. Güller hem baldakda emele gelýär we geljekki miwelere başlangyç berýär. Talabalaýyk suwarylanda ýylyň dowamynda miwe berýär we oňa Braziliýanyň bazarlarynda duşmak bolýar. Seýrek ýagdaýda Argentina we Paragwaýda hem ösýär. Onuň miweleri adaty üzümiňki ýaly terligine iýilýär. Şeýle-de mürepbe, alkogolly we alkogolsyz içgiler, şireler taýýarlanylýar. Bulardan başga-da agajyň miwesinde howply çiş keseline garşy birleşmeler, antioksidantlar, peýdaly komponentler, aýratyn hem C witamini (askorbin kislotasy) köp mukdarda saklanýar. Lukmançylykda ondan taýýarlanylan dermanlar demgysma, içgeçme, howply täze döremeleri bejermekde giňden peýdalanylýar. Miwesiniň guradylan gabygyndan demgysma we içgeçme keselini bejermek üçin ýörite derman taýýarlanylýar.

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.