Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Göwün küýsegiSlider

Şükür bagşynyň wesýeti

Ýeke günlük çyksaň dogduk mekandan,

Tudanaň kişdesin kisä salyp çyk.

Üç günlük galmaly bolsaň, şo ýanda,

Ek-de, öz miwäňi,

Onuň suwun tut.

 

Üç bahara, bäşe… ýetip aýralyk,

Aýlar-günler tutsa kalby synaga,

Gözden salma,

Ýeriň ýumşat, timar ber,

Ýat topragy böwsüp çykan çybyga.

 

Ýol ýapylyp,

Ýyl yzyna ýyl geçip,

Saçlaň agaranda,

Tut gojalanda,

Sen şol tudy çap-da, oňat timarlap,

Çuňňur ury gazyp, gömüp goý onda.

 

Bil bükülip, ysgyn gitse dyzyňdan,

Aç sen hazynany — uryňy agtar.

«Biziňki däl, Babagammaryň eli!»

Diý-de,

Ýasan şondan bir ajap dutar.

 

Perdelerin pil süňkünden haşamlap,

Barmaklarňy oýnat ýüpek kirişde sen.

Şonda alys sähraň anbary kükär

Bir mahalky dyrnak ýaljak kişdeden.

Gudrat döräp,

Goja kirşiň ganaty

Diýaryňa getir seni alypjyk.

…Ýeke günlük çyksaň dogduk mekandan,

Tudanaň kişdesin kisä salyp çyk!

1978

Annaberdi AGABAÝEW.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu