Awtory: Gülşirin HANOWA

Şu gün saňa köp zat aýdasym geldi,
Goýdum takdyrymy pelek çarhynda.
Arman, umytlarym eýläpdir bendi,
Öýkeli men günleň ötüp barşyndan.

Şu gün saňa köp zat aýdasym geldi,
Utuldym, unutdym, eýledim puşman.
Hasrata bukulyp ýörenim geňmi,
Geňmi gezip ýörmäm şatlyga duşman?

Men şol arzuwlary guran serwi dal,
Perwana men, yşkym, yşygym senmi?!
Iki dünýäň arasynda sermisal,
Şu gün saňa köp zat aýdasym geldi…
***
Maňa bir kän zat gerek däl,
Söz bilen göwnüm awlasaň.
Mähre zarlykdan kereplän,
Kalbymyň halyn aňlasaň.

Maňa bir kän zat gerek däl,
Ynam berseň, ynandyrsaň.
Özge hiç zada seretmän,
Bu gudraty ynandyr sen!

Maňa bir kän zat gerek däl,
Söýgi sözleň tirip bilsem.
Diňe hakykat gereklän
Ýüregime girip bilseň.