Habarlar

Şu gün, 27-nji noýabrda YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler

Belli bolşy ýaly, ertir — 28-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammiti ýurdumyzyň YHG-da başlyklyk edýän döwründe esasy çäreleriň birine öwrüler.

Sammitiň Maksatnamasyna laýyklykda, 27-nji noýabrda YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada TDH habar berýär.

Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek gepleşikler däbe öwrülen hyzmatdaşlygy berkitmegiň, onuň mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagynyň, köpýyllyk gatnaşyklary täze sepgitlere çykarmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolar.

TÜRKMENgazet.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Başa dön tuşu