Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


HabarlarTrend we gözellik

Stambul moda hepdeligi tamamlandy

Stambul moda hepdeliginiň ýene bir möwsümi tamamlandy. «Soho House»-yň hemaýatkärliginde geçirilen aýdym-sazly dabarasy bilen moda söýüjilere öz gapylaryny açan bu çäre täze gibrid gurluşy bilen geçirildi.

Moda pudagyndan möhüm atlaryň spikeri hökmünde gatnaşan «FWI» geçiren söhbetdeşlikleri bilen moda hepdeligine aýratyn goşandyny goşdy. 16-njy martda geçirilen moda hepdeliginde dizaýner Mehtap Elaidi Nur Bilen Ýawuzeriň ýolbaşçylygynda geçirilen ilkinji «FWI»  söhbetdeşliginde, 22 ýylyň dowamynda moda pudagynyň dinamikasynyň üýtgemegi hem-de bu pudagyň uly depgin bilen ösýändigi barada birnäçe maglumatlar belläp geçdi.

Hepdäniň soňky «FWI» gepleşikleri Dr. Seda Domaniçiň ýolbaşçylygynda alnyp baryldy. Moda dizaýneri Zeýnep Tosun, sanly dünýädäki awatarlary bilen ünsi özüne çekýän «SUDIETUZ» atly markasynyň döredijilik direktory we esaslandyryjysy Şansım Adali, «Merkado» žurnalynyň bölüm müdiri Tuna Mert hem-de Nil Ertürk bilen bilelikde bu çärä gatnaşdy.

Moda hepdeliginiň çäginde Jeren Ojak, Berdan, Emre Erdemoglu, Mert Erkan, Murat Aýtulum, Nihan Peker, Niýazi Erdogan, Özlem, Tugba Atasoý we Ýakup Bijer ýaly modaçylar «2022 güýz-gyş»  kolleksiýalaryny modasöýüjilere hödürlediler.

Berfin Özgür, Nazlikan Türker, Öýkü Eje Uza, Selina Alp, Seýma Hamamjy ýaly ýaş dizaýnerler hem öz kolleksiýalaryny moda sergisi hökmünde myhmanlara tanyşdyrdylar.

Moda hepdeliginden pursatlar:

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com