Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Sport

Sport — ýaşlaryň endigi

Köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň şeýledigine ýaňy-ýakynda türgenlerimiziň halkara ýaryşlaryndan uly üstünlikler bilen Watanymyza dolanmaklary hem doly şaýatlyk edýär.

Türgenlerimiz Awstriýanyň Oberwart şäherinde dzýudo boýunça geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde karate-do boýunça geçirilen halkara ýaryşda, Çehiýa Respublikasynyň Pardubise şäherinde Şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda hem-de Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «Sambony esaslandyryjylaryň kubogy» ugrundaky halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, dürli medallaryň birnäçesini gazandylar.

Döwlet Baştutanymyz ykbalyny sporta baglan ýaş türgenlerimiziň Garaşsyz Watanymyzyň at-abraýyny ýokarlandyrýandyklaryny belläp, 2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda hem ýygyndy toparlarymyzyň üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belende galdyrjakdyklaryna pugta ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemek, bu belent maksada ýetmek türkmen türgenleriniň häzirki günde öz öňlerinde goýan baş wezipesidir. Abraýly halkara ýaryşlarda türgenlerimiziň gazanan ýeňişleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylda türkmen türgenleri köp sanly iri halkara ýaryşlara gatnaşýarlar we olaryň ählisinden diýen ýaly medallar bilen dolanyp gelýärler.

Nurgeldi NURGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com