Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezi dörediler

24-01-2022 / 5082

Türkmenistanda ýakyn wagtda Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezi işe başlar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer S.Toýlyýew hasabat berdi.

Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezi kagyzda neşir edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe hem-de sanly ulgama geçirmek, Türkmenistanyň internetiň habarlar-täzelikler ulgamyna gatnaşmagyny giňeltmek, saýtlary we beýleki web-serişdeleri döretmek, gazet-žurnallaryň işlerini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen döredilýär.

Türkmenistanyň Preidenti Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek barada wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com