Her bir ynsan söýmek we söýülmek isleýär. Emma bu bagt hemmä deň nesip etmeýär. TURKMENgazet.com saýtynyň döredijilik topary söýgi gatnaşyklarynda üns beräýmeli käbir ýagdaýlary psihologlardan sorap ýazga geçirdiler.

Zenanlarymyz, siziň üçin!

  1. Ilkinji nobatda siz saýlan ýaryňyzyň siz hakyndaky pikirini, duýgularyny bilmegiňiz gerek.
  2. Ynam bilen ýoly dowam etmek üçin birek-birege dogry sözli bolmagy endik ediniň. Kiçijik diýip hasaplaýan ýalanyňyz siziň durmuşyňyzda uly meseleleriň döremegine sebäp bolup ýa-da birek-birege bolan ynamy gaçyrmak ähtimallygyny döredip biler.
  3. Öz saýlan taýyňyzy kemçilikleri bilen kabul ediň. Ýer ýüzünde hemme zady düzüw adam ýok we bu pikiri özüňde kämilleşdirmegi endik edinmek zerur.
  4. Biziň häsiýetlerimiziň dürli-dürli bolanlygy sebäpli durmuş gyzykly. Eger-de saýlan ýaryňyzyň bir häsiýeti ýa-da eden işi göwnüňize ýaramasa, ony gönüläp, ugruny tapyp, özüne aýdyň.
  5. Durmuşyňyzda ikiňiziň araňyzda mesele ýüze çyksa, ony mümkin boldugyndan ikiçäk çözjek boluň. Eger-de dörän mesele bilen çözgüdiň arasyna wagt aralaşsa, onda araňyz bozulmak bilen bolar.
  6. Durmuş ýoldaşyňyzy diňläň. Şeýle etseňiz ol özüne has-da ynamly bolup, jemgyýetde edýän hereketlerinde ynamly ädimleri ätlär we ruhy taýdan dogumly bolar.
  7. Bir-biriňize kalpdan ýakyn boluň. Eger-de kalp ýakynlygy bolmasa, gatnaşyklar uzak dowam etmeýär.
  8. Geljek maksatlaryňyz barada bile karar kabul ediň. Birek-birek bilen maslahatlaşyp maksat goýuň we bilelikde amala aşyrmaga synanşyň, ýöne bu maksady nika şadatnamaňyzyň esasynda däl-de, bir-birege bolan söýgi, düşünje esasynda amala aşyryň.
  9. Şahsy gigiýenaňyza üns beriň.
  10. Eger-de kalbyňyzda gumanlyk we ýaman pikirler peýda bolsa düşünjesiz hereketleri etmekden ägä boluň. Pozitiw pikirleniň.
  11. Bagyşla diýmekden çekinmäň. Hemmeler ýalňyşyp bilýär, ýöne esasy mesele şol ýalňyşyňa wagtynda düşünmek we düzetmek.
  12. Öz hormatyňyzy saklaň we gadryňyzy biliň. Siz haçan-da ilki bilen özüňizi gowy görseňiz, ýanyňyzdakylar sizi has-da gowy görerler.
  13. Aragatnaşygyňyzy dürli täze gyzykly pursatlar, hereketler, sözler bilen baýlaşdyryň. Ikiňiziň göwnüňize ýarajak täzelikleri tapmaga çalşyň.
  14. Özara ylalaşyp ýaşamagy endik ediniň. Kynçylyklary bile paýlaşyň we biri-biriňize kömek etmäge çalşyň, ine, şonda siziň gatnaşygyňyz ýürekden bolar.
  15. Saglygyňyza üns beriň. Jan saglyk we adamkärçilik ähli gatnaşyklaryň gözbaşydyr.

TURKMENgazet.com saýtynyň habarçysy.