Awtory: Gülşirin HANOWA,

şahyr.

SÖÝGIM MENIŇ AÝDYM DEÝIN…

Ak bulut men çöküp ýören,
Belent dagyň gaýasynda.
Ak owlak dek böküp ýörün,
Seleň-sähraň aýasynda.

Bat alyp bady-sabaňdan,
Zybanymdan dürler saçýan.
Seniň köne mukamlaňdan,
Äleme täzelik açýan.

Asudalyk güneşiňe,
Ýagşy ýuwup päl-niýetim,
Hoş söz garyp gülüşime,
Gelip dur «Salam!» diýesim.

Çünki sende ýat ýok maňa,
Ezizlerim bulaň bary.
Senden beýik zat ýok maňa,
Çalşyp bolmaz howandarym!

Şeýdip saňa bolan söýgim,
Aýdym edip aýdyp ýörün.
Watan, men bir garlawajyň,
Nirä gitsem gaýdyp gerin!

*****

SÖÝMÜŞEM SENI

Eziz Watan, şirin-janym,
Jigerden söýmüşem seni.
Jebraýylnyň öz Byragyn
Söýen dek söýmüşem seni.

Basyp bagra dag-deräňi,
Keramat diýp her seräňi,
Adam ataň How enäni
Söýen dek söýmüşem seni.

Keşt edip jümle-jahany,
Tapabilmen seň bahaňy.
Patyşaň garyp Güljahany
Söýen dek söýmüşem seni.

Sen ruhumyň belent bady,
Sen göwnümiň baky şady,
Perwananyň alaw-ody
Söýen dek söýmüşem seni.

Al, ähli süňňüm, aňymy,
Bagş edem hanymanymy,
Gülruhuň Öwezjany
Söýen dek söýmüşem seni.

Köňlüme kybap heňlini,
Tapmanam degre-deňlini,
Magtymgulynyň Meňlini
Söýen dek söýmüşem seni.

Epsem saňa ursam dyzym,
Galsa sende süňňüm-yzym,
Ejem janyň Şirin gyzyn
Söýen dek söýmüşem seni.

*****

MEN SENSIZ OÑMARYN

Men sensiz oñmaryn, sebäp,
Saña bagly ähli zadym.
Hiç söz bilen bilmen deñäp,
Señ baky mukaddes adyñ.

Men sensiz oñmaryn, sebäp,
Many sen gyşym, güýzüme.
Armanym ýok sende eräp,
Ertir birleşem düýnüñe.

Men sensiz oñmaryn, sebäp,
Sen giñerçek, men dargursak.
Paýhasyñda ömrüm eläp,
Sapak berýäñ zerur pursat.

Aýralyk bolmaz, sebäp men,
Topragyňa janym gataryn.
Kän-kän zatsyz oñaryn men,
Sensiz oñmaryn, Watanym!