Göwün küýsegi

Söýenimiz başga bir ykbalda saýalamasyn!

SAÝAWAN

 

Ýaz ýagyşdan, tomus günden goranyp,

Götererdiň enaýyja saýawan.

Özüňi şeýle bir aýardyň welin,

Aýamazça däldiňem sen, eý-aman!

 

Men diýerdim: «Meniň bugdaýreňklijäm,

Sen güne ýanaňda owadan bolýaň,

Goýaý,  şu enaýy saýawanyňy,

Olar gül ýüzüňi menden gabanýar,

 

Ýagşa ezileňde görküň durlanyp,

Has nur saçýaň  ýüregime» diýerdim.

Barybir sen munda nirä gitseňem

Saýawanly goraglyja giderdiň.

 

Söýgüde-de bolmady meň diýenim

Hatda ýetişmedim, aýamaga-da.

Gitdiň şol enaýy saýawan bilen

Başga bir ykbalda saýalamaga.

Şatlyk HUDAÝNAZAROW.

 

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Başa dön tuşu