Awtory: Nowruz Güýjow.

SOWAL

Sowalym galandyr saba ýellerde,
Magşuk wasp edilse saýrak dillerde,
Joşup seýran etsem sähra çöllerde,
Ilkinji gülälek görünen bada,
Näme üçin ilki sen düşýärsiň ýada.

Güllerdenem gözelligiň üçünmi,
Mydam söýüp gezenligim üçünmi,
Kän gül sowgat berenligim üçünmi,
Bilemok ýene sen düşýärsiň ýada,
Ilkinji gülälek görünen bada.

Belki senden daşdalygym sebäpmi,
Arzuwlarma baş bolanyň sebäpmi,
Şindem saňa teşneligim sebäpmi,
Juwan ýüregimi ataryp oda,
Näzlere beslenip düşýärsiň ýada.

Meger söýgi sebäp ýada düşmäge
Gülli ýazlar sebäp dolup daşmaga,
Ykbalyňy ykbalyma goşmaga,
Ömürlik gelermiň gelmezmiň ýa-da,
Juwan ýüregimi ataryp oda.