Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

«Soňky jaň» dabaralary geçirildi

25-05-2022 / 5240

Şu gün — 25-nji maýda ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçirildi.

Şu dabaraly günde mekdepleriň uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri, okuwyny ýokary bahalar bilen tamamlaýan okuwçylar, ata-eneler, mugallymlar ak mekdeplerde ýygnanyşdylar. Baýramçylyk ruhuny tutuş süňňüne siňdiren dabaralar ilki bilen Döwlet senamyzyň ýaňlanmagy, soňlugy bilen bolsa hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna, we ähli bilim işgärlerine iberen baýramçylyk Gutlagy bilen açyldy.

Soňra uçurymlaryň öňünde bilim işgärleri, ata-eneler, il sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik işjeňleri çykyş edip, mekdebi tamamlaýan ýaşlary tüýs ýürekden gutladylar, olara ýagşy pent-ündew etdiler, okuwda hem-de köpçülik işlerinde aýratyn tapawutlanan uçurumlara Hormat hatlary hem ter gül desseleri gowşuryldy. Ynha-da, nyzamly hatarlaryň öňünde 1-nji synp okuwçysy  uçurymlar üçin «soňky jaňy» kakdy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com