Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegi

Bäsleşige: Size sag boluň

15-06-2021 / 5052

Bize päsgel baryn berip,

Zyýan etmäge mähetdel.

Meýillerimizi dargadyp,

Ynjytmaga ymtylýanlar,

Ähliňize – minnetdar!

 

Ah, şo zeýilli adamlar,

Ezýet berip eziz jana.

Bilsediler bu ykbalda,

Neneň güzap köýen jana.

 

Ýitgiden gapyl o köňül,

Kineden gapyl o köňül.

Bagyşlaplar neýlesin?

Bagty näm bilen ölçersin?

 

Mähriban zalym kişisiz,

Paýhas hem kämillik nedir?

Kötelliklerden, gürrüňsiz,

Dörär müň sany pikir.

 

Mähirden, nurdan püre-pür,

Size ýüz kelam sözüm bar:

Ähli zat üçin minnetdar,

Sizsiz näderdik gadyrdan?!

 

Mährijemal HAPYZOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com