Bir kemsiz doldurylan CV (resume) bermek we soraglara dogry jogap bermek, iş söhbetdeşliginde işe almak üçin ýeterlik bolman biler. Aslynda, söhbetdeşligiň dowamynda özüňizi alyp barşyňyz siz barada köp zat aýdýar.

Gözleriňizi dowamly gyrpmak, barmagyňyzdaky ýüzügiňizi oýnamak, saç bilen oýnamak ýaly hereketler bilip ýa-da bilmän edilse, söhbetdeşlige biziň pikir edişimizden has erbet täsir edýär.

Mysal üçin, göz kontakty gurmaýan bolsaňyz özüňize ynamsyz boljakdygyňyzy ýa-da aýagyňyzy iç tarapa öwrüp otursaňyz özüňizi arkaýyn duýmajakdygyňyzy garşyňyzdaky adam pikir edip biler.

Hereketleriňiz bilen Ýüzleşiň!

Geň hereketleriňizi tanap kabul edeniňizden soň, olaryň öňüni almagyň wagty gelendir.

Söhbetdeşlikde ýüzüňiziň gyzarýandygyny duýsaňyz, “wah, men gyzarýaryn, gyzarýanymy görýarlermikä?” diýip alada etmegiň ýerine, “Men häzir gyzarýanam bolsam, köp ýerde nähili güýçlidigimi subut eden adam” diýip ýagdaýy kabul edip, özboluşly hereket etmek has gowy täsir edip biler.

Söhbetdeşlik wagtynda gaça durmaly 5 hereket:

Başyňy sallamak:

Ylalaşygyň alamaty hökmünde başyňyzy 1-2 gezek sallap bilersiňiz; ýöne artykmaç etseňiz, hemme zadyň tassyklanmagyna garaşýandygyňyzy ýa-da hemme zada baş sallaýandygyňyzy görkezip biler.

Aýaklary sallamak:

Söhbetdeşlik wagtynda bir aýagyňyzy beýleki aýagyňyzyň üstüne goýup bilersiňiz; emma aýagyňyzy sallamagyňyzy dartgynlylygyň we ynamyň ýoklugy hökmünde görmek mümkin.

Dodak dişlemek:

Söhbetdeşlige doly taýýar däldigiňizi ýa-da gaharyňyzy içiňize çekýändigiňizi görkezýär.

Daş-töweregi synlamak:

Garşyňdaky adamdan gözüňi aýyrmazlyk birahat edip biler, emma gözüňiz bilen daş-töweregiňizi synlap oturmak hem birahat edýän hereketdir. Garşyňdaky adamyň gözüne seredip gürleşmek çynlakaý gürrüň etmegiň alamatydyr.

Boýnuňy towlamak:

Boýnuňyzy towlamak siziň üçin rahatlyk döredip biler, ýöne söhbetdeşlik üçin bu hereketiň ýeri we wagty däldir.

 

TÜRKMENgazet redaksiýasy.