Hemmämize mälim bolşy ýaly, 17-18 mart aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergi geçirildi. 

Sergiden pursatlary we ünsümizi çeken kärhanalaryň önümlerini size hödürleýäris.

Mähirli Zenan. Bu serginiň öňünde gelin-gyzlaryň bary üýşüpdir diýen ýaly. Baryp görsek, Aýna Çarymuradownanyň ýolbaşçylygynda zenan hünärmenler egin-eşikleriniň aýratynlyklary barada gürrüň berýärdiler. Diňläp otursaň we bir salym synlasaň, bu kärhananyň önümlerinde millilik bilen döwrebaplygyň ajaýyp sungat eseri deý, sazlaşanyna göz ýetirýärsiň. Biz hem bir salym bu gözellige syn edip, sergä gezelenjimizi dowam etdik.

 

“MB shoes”. Muhammet Balkan, ýagny MB kärhanasy eýýäm 10 ýyldan bäri işläp gelýär. Kärhanada deri önümçiligi durmuşa geçirilýär, şeýle-de dürli görnüşdäki köwüşler öndürilýär.  Ähli welaýatlarda dükanlary bar. Hat-da iň çetki obalardaky ýaşaýjylarymyz hem “MB shoes” aýakgaplaryny elýeterli bahadan satyn alyp bilýärler. Aýakgap öndürilýän fabrikde 120-den artyk işgär zähmet çekýär. Enjamlary Germaniýanyň we Italiýanyň belli kärhanalarynyň önümidir.

Kärhananyň hünärmenleri köplenç öz müşderilerine aýakgap almak üçin agşamara gelmegini maslahat berýärler. Çünki günüň ahyrynda aýaklar ýadap, az-kem çişip bilýär. Şol pursat aýakgabyň ölçegini dogry saýlamak has amatly bolýar.

 

Markow Coffee. Bu önümler ýokary çig mallardan we ösen tehnologiýalary ulanmak arkaly öndürilýär. Olaryň birnäçe görnüşleri bar: gowrulan kofe däneleri, üwelen kofe, kapsula kofe, 3-si birde ereýän kofe. Bu kärhana ýaňy açylmagyna garamazdan, köpsanly müşderileri bardyr.