Milli bahar baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň Sergiler zalynda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň sergisi geçirildi. 6 gün dowam eden sergi türkmen telekeçileriniň birek-birek bilen pikir alyşmagy we tejribe paýlaşmagy üçin uly bir işewür meýdançasyna öwrüldi.

Serginiň çäklerinde medeni we işewür ähmiýetli çäreler geçirildi. Geçirilýän çärelere we sergä gatnaşmak üçin ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem bu işewür meýdanyna gelip, türkmen telekeçileriniň önümleri bilen içgin tanyşdylar, şeýle-de medeni ähmiýetli çärelere gatnaşdylar.

 

Tags :