Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Sagdyn durmuşSlider

Seniňem görüş ukybyň pesmi?

Ösen tehnologiýalaryň durmuşymyza barha içgin aralaşýan döwründe adamlaryň öňünde täze mesele keserdi – görüş ukybyny gorap saklamak. Sebäbi telewizoryň, telefonyň, kompýuteriň ekranynyň öňünde sagatlap oturmagy talap edýän bu döwürde görüş ukybynyň peselmegi bilen bagly lukmana ýüz tutuýan näsaglar barha köpelýär. Aşakda size bu meseleden sowlup geçmäge ýardam etjek käbip peýdaly maslahatlary taýýarladyk:

Gözüňizi ýadatmazlyk. Kompýuterden ýa-da telefondan peýdalanýan wagtyňyz her 20-30 minutdan gözleriňizi ýumup, olara dynç beriň. Soňra gözleriňizi açyp, ýörite maşklary ýerine ýetiriň. Ol maşklar örän ýönekeýje, ýagny aşak, ýokaryk, çepe, saga seretmek. Örän adaty bolup görünýän bu maşklar arkaly siz gözüňiziň görüş ukybyny ýitirmezlik üçin ullakan goşant goşarsyňyz.

Gözleriňizi tiz-tizden gyrpmagy unutmaň. Sebäbi gözüňizi kadaly ýagdaýda gyrpyp durmagy ýatdan çykarsaňyz, uzak wagtlap ýummulmadyk gözler guraklaşýar we bu ýagdaý görüş ukybynyň peselmegine getirýär. Unutmaň, gözleri  nemlendirmegiň ýeke-täk usuly olary wagtly-wagtynda açyp-ýummak, ýagny gyrpmakdyr. Hut şu sebäpli-de, lukmanlar gözleri ýummazdan uzak wagtyň dowamynda bir nokada seredip durmagyň göz üçin zyýanlydygyny nygtaýarlar.

Dogry iýmitlenmek. Elbetde, bedenimizde bolup geçýän her bir üýtgeşme ýaşaýyş şertlerimiz we iýýän iýmtilerimiz bilen berk baglydyr. Şonuň üçin hem gözüň görgürligini gowulaýan kädi, gök otlar, käşir, kiwi, süýt we süýt önümleri biziň gündelik menýumyzda hökman bolaýmalydyr.

Meýilleşdirilen gün tertibi we kadaly uky. Göz lukmanlary öz huzuryna gelen näsaga ilkinji nobatda şolara üns etmegi maslahat berýärler. Lukmanlar gözüň görejini goramak üçin her gün azyndan 8 sagat kadaly ukynyň alynmagynyň örän möhümdigini belleýärler.

Tebigatyň goýnunda gezelenç etmek. Arassa howada, baglaryň we otluklaryň arasynda gezelenç etmek diňe bedenimiz üçin däl, gözümiz üçin hem diýseň peýdalydyr. Sebäbi tebigatyň esasy reňki bolan ýaşyl reňk gözüň görüş ukybyny gowulandyrýar. Hut şonuň üçin hem lukmanlar günde azyndan 20-30 minut tebigatyň goýnunda gezelenç etmegiň hökmanydygyny ýatladýarlar.

Dünýäniň gözelliklerinden lezzet almak üçin iň zerur zat bolan gözleriňiz hakynda wagtynda alada etmegi unutmaň, gadyrdanlar!

Jeýhun HOJAGULYÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu