Säher dogan täze aýy penalan,
Men mele gözleriñ manysyn söýdüm.
Eda bilen tebigatdan heñ alan,
Owazly sözleriñ maýasyn söýdüm.

Iliñ derdi geçmek adatylykdan,
Sen adaty ýola gadamyñ goýduñ.
Sada barlygyñdan, sada gylykdan
Ylham alan näziñ haýasyn söýdüm.

Seni gije ýagyş ýagan mahaly
Damjalañ tansyny geñlämde söýdüm.
Her bir bogunynda yşkyñ bar ýaly,
Iñ ajap mukamy diñlämde söýdüm.

Agras ädim bilen syr berip ýere,
Bagta sary barýan yaly tolgunyp.
Müñ arzuwy peşgeş goýup bu sere,
Geçişiñi söýdüm mähriñden ganyp.

Garaýşyñy, maña ýaraýşyñy, ýar,
Saba ýelleñ saçyñ daraýşyny, ýar,

Meni her pursatda goraýşyñy, ýar,
Söýdüm yşkyñ bilen döreýşiñi, ýar!

Bagtym saýdym, ömrüm saýdym seni men,
Çünki söýdüm, seni söýdüm, seni men…

Awtory: Serdar Saparow