Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna

27-02-2021 / 5083

Şu ýylyň 17-18-nji martynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sanly ykdysadyýet, öňdebaryjy ýokary tehnologiýa ýaly möhüm ugurlar boýunça işleýän agzalary öz taýýarlan işlerini görkezerler. 

Ýurdumyzda telekeçileriň işlemegi üçin zerur şertler döredilýär, hususy pudagy ösdürmek boýunça maksatnamalar döwlet derejesinde amala aşyrylýar. Munuň özi täze tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak arkaly döwrebap önümçilik üçin zerur mümkinçilikleri üpjün edýär. Häzirkizaman kärhanalarynda öndürilýän ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar.

17-nji martda geçiriljek maslahata onlaýn tertibinde birleşmäniň welaýatlardaky agzalarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com