Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiSlider

Seň ýoklugyň durmuşymyň kadasy…

Ýaş şahyr Altyngözel Amanmämmedowanyň ady diňe saýtymyzyň okyjylaryna däl, eýsem, poeziýa muşdaklaryna-da örän tanyş bolsa gerek. Biz bolsa geljegine uly ynam bildirilýän şahyr gyzyň täze goşgularyny size hödürleýäris.

Ýürek gam-gussadan bir dil açmady,
Sessiz gaýtalaýan yşkyň senasyn.
Ne ýakan oduňa bile bişişdiň,
Ne-de meň başyma bolduň pena sen.

Ömre yşkyň ezýetini gatdyryp,
Ýetdim şu günlere degilmän deme.
Sataşanym, soň bolsa tutaşanym,
Kalbymda ýaşaýaň diňe sen, diňe.

Ýaňy bolup geçen ýaly zatlary,
Ýatlasaň däl, ýatlamasaň ýetikdir.
Seni söýüp kör bolmandyr gözlerim,
Paýhas elegimiň gözi bitipdir.

Sen sabrym

Sen sabrym
Entek kepil geçilmedik geljegne.
Ýöne iň ýamany näme bilýäňmi?
Ynanýaň, öýkeläp gezsemem ýene,
Öz-özüm açylyp saňa geljegme.

Sen sabrym
Dünýämde eglenip çekseňem aýak,
Ähli sowallarym goýýaň jogapsyz.
Sähel zada dowla düşýän gursagym,
Indi seniň elleriň deý sowapdyr.

Sen sabrym
Käsesi dolsa-da, püre-pür bolup,
yşky soňlamok.
Meni päk söýgime gowşurmak üçin,
Ýa sen, ýa-da takdyr meni oňlanok.

Sen sabrym
Hem täleý sowgadym garaşylmadyk.
Indi diňe garaşylýan bar ykbal.
Bilýärmiň?
Bir gün sabrym ýiter öýdüp darykýan.

Eýelik

Seň ýoklugyň durmuşymyň kadasy,
Her bir wagt üýtgemeýär kada-da.
Ykbalymyň ýola eltjek ýodasy,
Ahyr bir gün ýekelikden ýadasa,
Ne yza gaýdaryn, ne-de bir öňe –
Yşkyňa töwekgel bolanym galar.
“Gitse gelmez” eken ýüregiňe ýol,
Munda diňe bagrym dilenim galar.

Geljegime asla döretmen ahmyr,
Peýdasy ýok geçmişimi döreniň.
Mertligime artar gider buýsanjym,
Çünki yşkyň iň agramly bölegin:
Çeken ýürek ürkmez a:ldyr-hileden
Küýsegimden üstün çykar mertligim.
Ahyr bir gün dolar meni özüme,
Ömre ezýet beren agyr dertleriň.

Bolmaz seň öňüňde dilimem gysga,
Senem başarmarsyň özüňi aklap.
Gutulgysyz galan çäresiz dogmum
Howaýy duýgudan özüni saplar.
Halas borun köp ýanyp, az ýazmakdan
Gussalarym şaýat bolar şatlyga.
Eýesi bolsaňam sözlemlerimiň
Durmuşymda öwrülersiň ýokluga.

Söýgimi aýap sakla

Duýgularym gören ýaly başyna,
Gezdim, derdim özgelerden ýaşyra,
Awy däl-de, bal gat yşkyň aşyna,
Adymy gursagyň çuňuna dak-da,
Söýgimi aýap sakla!

Tötänlik däl — duýgularmyň Şärigi,
Wah, söý meni, söýüşiň deý käriňi,
Idäp dur käteler umydgäriňi,
Jaňa ýetişmeseň, sms at-da,
Söýgimi aýap sakla!

Pikirlen gülmese gözlem bakaňda,
Belki söýgiň ejizdir meň çakymdan,
Sözleň bilen dillerimi sakyndyr,
Dert däl, demiň bilen kalbymy ýak-da,
Söýgimi aýap sakla!

Bilseň, aramyzda bolmasyn hiçlik,
Gündiz ýanymda bol, ýadymda — giçlik,
Bilýäňmi, täsirin geçirýän işlik —
onuň täsirini kalbyňa sap-da —
SÖÝGIMI aýap sakla!

Altyngözel AMANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

5 Yorum

  1. Altyngozel shygyrda pikirleriñ kulminassion nokadyna ozakymlayyn baryp yetishyar. Shonuñ ucin onuñ shygyrlary okyjyny gyzyklana howesinde saklayar. Gowy goshgylar.

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com