Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiSlider

Sen gitseňem durmuş dowam…

Ýaş şahyr Gunça Orazowa täze goşgularynda ýene-de söýgi hakda söç açýar

Indi bize

Indi bize duşuşmaga ýok sebäp,
Çünki menzil uzak, göwünem sowuk.
Bir mahalky didara zar göreçlem,
Senden uzaklaşdy ýüzüni sowup,

Indi menziller däl, ýyllaram ýatyr,
Goja baglaň başlaryny yradan.
Bagtyna gol bulap egni gysylan,
Öz yşkyňa seredip gör gyradan.

Indi bize ýar bolmadyk duýgydan,
Ýatlara sebäp ýok, ýatlama yşky,
Ykbalyň oýnudyr pelege boýun,
Çekmeli bolarys durmuş keşigi.

Indi bize ökünjiňem haýry ýok,
Wysala ýetmedik bagty agladan.
Gedemlikden näme tapdyň tutarlyk
Bir mahallar seniň göwnüň çagladan.

Ýöne ýyllar geçip ykbal duşursa,
Şol pursat sen meni bilmersiň tanap,
Çünki men bagtly ýylgyryp durkam,
Aýaklaň ädilmez asla men tarap,

Sen gitseň

Sen gitseň dünýe daralyp,
Bagtym yşkym saralyp,
Geljek günler alaryp,
Seretjek ýalydy maňa,

Sen gitseň durmuş durup,
Ýaryljakdy ýürek urup.
Bagtym işigin gurup,
Gitjek ýalydy maňa.

Sen gitseň dilim tutulyp,
Yşkyň oýnunda utulyp.
Hijranyň odundan gutulyp,
Bilmejek ýalydy maňa.

Sen gitseň aýlar aýlanman,
Senlidi ähli oýlanmam.
Ýyllar ýyllardan saýlanman.
Galjak ýalydy maňa.

Sen gitseňem durmuş dowam,
Gidiberdi ýollar rowan.
Gysylmady tämiz howam,
Sensizem ýaşaljak eken.

Gunça ORAZOWA,
Köneürgenç şäheriniň 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň tälimçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com