
Gerekli önümler:
– Ýarym stakan gyzyl merjimek (çeçewitsa);
– Ýarym stakan süýt;
– 3 ýumurtga;
– 3 ýa-da 4 nahar çemçesi bal;
– 1 çaý çemçesi hamyr tozy (разрыхлитель);
– 1 paket vanil (islege görä);
– 2 nahar çemçesi kakao;
– Kokos 50 gram ownuk paketlerde;
– Bezemek üçin hoz, şokolad bölekleri we ş.m.
Taýýarlanylyşy:
Ilki bilen merjimegi (çeçewitsa) 1 gije öň köp suwda saklalyň. Suwy wagtal-wagtal süzüp, täzeden dolduralyň (takmynan 3 gezek) we azyndan 12 sagat garaşalyň.
Gyzyl merjimek bilen süýdi garalyň.
Soňra galan zatlaryň hemmesini goşup, gabyga ýerläliň, şokolad hozy we ş.m. bilen bezäp bilersiňiz.
180 gradusda gyzdyrylan peçde takmynan 25-30 minut bişirmeli.
Işdäňiz açyk bolsun!
Gülşat ÇETILIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.