
Ähli ýaşdaky ynsanlar üçin aýdym-sazyň ähmiýeti örän uly. Sazyň çagalara edýän täsirleri barada durup geçeris.
Täze doglan çagalar üçin sazyň bejerijilik häsiýetiniň uludygyny dünýä lukmançylygy bireýýäm tassyklady. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, alymlar göwreliligiň, takmynan, on altynjy hepdesinden başlap, göwredäki çaganyň töwerekdäki sesleri eşidip başlaýandygyny subut etdiler. Hatda çaga iň köp eşidilýän owazy tanamaga hem ukyply eken. Ene ýüreginiň urgusyny we onuň sesini çaga şol wagtda aňyna guýýar.
Aýdyma, saza bolan ymtylyş ynsanda entek ene garnynda wagty ýüze çykyp ugraýar. Çaga dünýä inensoň, ene hüwdüsi onuň üçin ilkinji zerurlyklaryň biri bolup durýar. Hüwdi – çagany rahatlandyryjy serişde. Edil şonuň ýaly, tebigatyň owazy – suwuň akyşy, guşlaryň jürküldisi, baglaryň sesi… çaga ene hüwdüsi ýaly oňaýly täsir edýär.
Saz diňlemek, edil şonuň ýaly-da, dürli görnüşli, köplenç ýagdaýda akgynly sazlary diňlemek çaganyň pikirlenişini ýokarlandyryp, döredijilik ukybyny ýüze çykarmakda örän peýdalydyr. Çagalar käte näbelli sebäplere görä, gijelerine uklap bilmeýärler. Şeýle ýagdaýda aýdym-saz diňlemek olara kömek edip biler.
Pessaý akymly sazlar çalt rahatlandyryjy häsiýete eýedir. Hatda onuň bedeniň dürli kesellere garşylyk güýjüni, ýagny immunitetini hem ýokarlandyrýandygy alymlar tarapyndan subut edilendir. Elbetde, edil aýdym diňlemegiň saglygymyzda, ylaýta-da, ruhy saglygymyzda peýdaly bolşy ýaly, aýdym aýtmagyň, hiňlenmegiň hem örän köp peýdaly taraplary bardyr. Aýratyn-da, çagalar-da.
Aýdyma hiňlenmek gan basyşy sazlap, ýüregi berkidýär. Onuň gandaky kislorodyň mukdaryny artdyrýandygy, stres garmonyny azaldýandygy, ünslüligi güýçlendirip, sesiň hem üýtgemegine, ýagny sazlaşykly owaza eýe bolmagyna täsir edýändigini hem belleýärler. Bu bolsa çagalaryň geljekki ösüşi üçin uly zerurlykdyr.
Çagalaryňyzy aýdym-saz dünýäsinden çetleşdirmäň! Olara köpräk saz diňlediň!
Nurýagdy REÝIMOW,
TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.