Slide
Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Saud Arabystanda 500 milliard dollarlyk ýüzýän şäher gurlar

25-01-2023 / 55

Bu taslama dünýädäki iň uly ýüzýän obýektleriň ilkinjisi bolar. Saud Arabystanynyň hökümeti Neom taslamasyny taýýarlaýar. Bu çöl ýagdaýyny bezemeli şäheriň ady. Neomda dünýäde ilkinji gorizontal gök binalaryň gurluşygy eýýäm başlandy.

Oksagon – geljegiň şäheri

Üýtgedip gurmagyň indiki tapgyry, Oksagon atly ýüzýän töwerekdir. Ol Sues kanalynyň golaýynda ýerleşer. Global deňiz söwdasynyň 13% -i onuň üstünden geçer. Şäher Gyzyl deňziň iň uly kruiz terminalyna öwrüler. Uly port, meýdany iki bölege bölüp, ortada ýerleşer.

Suwuň üstündäki şäheriň diametri 7 km. Ondaky elektrik diňe gün panelleriniň we ýel degirmenleriniň kömegi bilen öndüriler. Taslamanyň 2030-njy ýyla çenli tamamlanmagyna garaşylýar. Birinji etapda bu ýerde takmynan 90,000 adam ýaşar.

Oksagon Saud Arabystanynyň esasy tehnologiki nokadyna öwrülmegi meýilleşdirilýär. Bu ýerde okeanologiýa merkezi, biologiki gözleg barlaghanasy, mikroelektronikany öndürýän zawod, maşyn gurluşyk zawody, botanika baglary, seýilgähler, söwda merkezleri, jaýlar gurlar.

Oksagondaky esasy ulag elektrikli otlylar bolar. Demir ýol altyburçlygy gurşap alar. Munuň netijesinde islendik nokada ýetmek mümkin bolar.

Kadyr GULOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com