Belli bolşy ýaly, häzirki wagtda dürli görnüşli, özboluşly hem-de täsin ösümlik gibridleri durmuşymyza giňden ornaşdy. Şeýle täsin ösümlik gibridleriniň biri-de sary reňkli garpyzdyr. Bu täsin gibridiň energiýa gymmaty 38 kkal deň bolup, düzüminde A, C witaminlerini we beýleki zerur birleşmeleri saklaýar. Daşyndan göräýmäge adaty ýaşyl zolakly garpyz ýaly bolup görünse-de, ol içki sary reňkli etlek hem-de şireli bölegi bilen alyjylary özüne çekýär. Şeýle-de ondaky tohumlaryň sany hem adaty garpyzyňky bilen deňeşdirilende azdyr. Ol esasan Ispaniýada, Taýlandda ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýurtlarda garpyz aýratyn hormatlanýar.

Üýtgeşik reňkli bu garpyz özüniň tagamy boýunça adaty gyzyl garpyz ýaly süýji bolmasa-da, şireli hem-de näzikdir. Bular bilen bir hatarda, sary garpyz soňky wagtda Russiýada hem ösdürilýär. Birnäçe ýyllyk seleksiýa işleriniň netijesinde alnan bu sary reňkli garpyzlar Ispaniýada we Taýlandda ýetişdirilýän sary reňkli garpyzlar bilen deňeşdirilende tagamynyň süýjüligi bilen tapawutlanýar.

Sary reňkli şugundyr – özboluşly hem-de täsin reňki bilen özüne çekýär. Onuň energiýa gymmaty 50 kkal deň. Düzüminde foli turşusyny, A witaminini, kaliý elementini we süýüm birleşmelerini köp saklaýanlygy bilen peýdalydyr. Ol esasan Russiýada ösdürilýär. Tagamy adaty şugundyryňky ýaly bolup, etlek miwesi we ýapragy dürli tagamlary taýýarlmakda giňden ulanylýar.

 

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.