Mende gowy endik bar. Şkafa eşiklerimi goýýan, olar yzyna dökülüp düşmänkä gapyny ýapyp ýetişýän.

*****

Şu gün ýene-de dünýäni ahyr zamandan halas etdim. Ynanaňzokmy? Subut edeýinmi? Siz şu wagt diri otyrsyňyz, pikir edip görüň.

*****

Men karz pul aldym, öňki alan karzymyň karzyny ýapmak üçin.

*****

1. Parkda oturgyçda otyran nätanyş adamyň ýanyna baryp otyrmaly.

2. Usullyk bilen oňa konwerti uzatmaly.

3. Gulagyna «Ähli zat tötänlikde bolan ýaly etmeli» diýmeli.

4. Ýeriňden turup gitmeli.

*****

Dostlarym bilen jedel edip utuldum. Jedeliň şertine görä, köçeden pişik tutdum, ýoldan taksi sakladym-da pişigi taksä mündürdim. Akylly ýüzüm bilenem «Pişijegim, öýüňe ýeteniňde, maňa jaň et» diýdim.

*****

Zoparkdan garawul gaçypdyr. Ýa-da ýolbarslar bir zatlar bukýarlar.

*****

Gowy täzelik: Menem işe girdim. Erbet täzelik: Indi günde işe gatnamaly.

*****

Bolýar şeýle ýagdaý, sen bir adam üçin ähli zatdan geçýäň. Ol bolsa ähli zat üçin senden geçýär.

*****

Iki okuwçynyň ejesi gürleşýär:

— Seň ogluň matematikadan öý işini işläp bildimi?

— Hawa.

— Göçürmäne bersene onda.

Tags :