Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderTehnologiýa

Şar bilen kosmosa syýahat etmek

25-01-2023 / 5113

2025-nji ýyldan başlap, Ispaniýada ýerleşýän «Halo Space» kosmos syýahatçylyk kompaniýasy kosmosa gezelenje gitmek isleýän ýolagçylary, çişirilen şara birikdirilen tegelek kapsulada nol emissiýa güýji bilen uçuşlary ýola goýmaga taýýarlanýar.

Kapsulada sekiz ýolagçy we pilot bolar. Kapsula 40 kilometr belentlige çykar we Ýeriň 360 dereje görnüşini açýan panoramaly penjireleri bolar.
Kosmos kapsulasynyň prototipi bolan «Halo Space» ilkinji synag uçuşyny dekabrda Hindistanyň Haýdarabat şäherindäki Tata düýpli gözleg institutynda (TIFR) amala aşyrar. 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Ispaniýada ikinji synag uçuşyny geçirmeklik hem meýilleşdirilýär. Synaglary üstünlikli tamamlandan soň, kompaniýa 2025-nji ýylda täjirçilik uçuşlaryny başlamagy we dört yklymda uçuş bazalaryny gurmaklygy meýilleşdirýär.
2029-njy ýyla çenli her ýylda jemi 3 müň ýolagçy bilen 400 sapar amala aşyrylar. Biletleriň bahasy 100 müň ýewro bilen 200 müň ýewro arasynda bolar.
«Halo Space» -iň baş direktory we esaslandyryjysy Karlos Mira: «Soňky 12 aýyň dowamynda howa giňişliginde iň oňat we tejribeli kompaniýalar bilen öňden bar bolan, subut edilen we ygtybarly tehnologiýany ulanmak üçin köp zähmet çekdik. Häzirki wagtda toparymyz birinji ýylda gazanan üstünliklerimiz bilen kanagatlanýar. Ýöne nirä barýandygymyzdan hasam tolgunýarys. Ýerden 40 km uzaklykda kosmosyň gyrasyna ýolagçylary alyp, durmuşy üýtgederis» diýip, belläp geçdi.
Halo Space, basyşly kapsulalaryň CO2 çykarmazdan ýokarlanýandygyny mälim etdi. Şeýlelik-de, bu kapsulalar kosmosa baryp görmegiň ekologiýa taýdan iň arassa usulyna öwrüler.

Bahar GURBANDURDYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.


Fatal error: Uncaught Error: Call to undefined function ST4_single_hits2() in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php:508 Stack trace: #0 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php(692): tie_get_post_meta() #1 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-actions.php(260): tie_the_post_meta() #2 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(324): tie_post_extra_info_column() #3 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(348): WP_Hook->apply_filters() #4 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/plugin.php(517): WP_Hook->do_action() #5 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/templates/single-post/content.php(81): do_action() #6 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/classes/class-tielabs-helper.php(119): include('/var/www/vhosts...') #7 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/single.php(17): TIELABS_HELPER::get_template_part() #8 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/template-loader.php(106): include('/var/www/vhosts...') #9 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-blog-header.php(19): require_once('/var/www/vhosts...') #10 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/index.php(17): require('/var/www/vhosts...') #11 {main} thrown in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php on line 508
WordPress › Error

There has been a critical error on this website.

Learn more about troubleshooting WordPress.