“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty däbe öwrülen “Ata Watan Eserleri” bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryny yglan edýär. Bäsleşik www.sanlyhyzmat.com  we www.makulsozluk.com saýtlarynyň hemaýat bermeginde geçirilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek bu döredijilik bäsleşik üçin “Sanly ulgamy” saýlap alyndy. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda, has takygy, 2019-2020-nji ýyllarda Ýer ýüzünde sanly ulgamyň ähmiýeti has-da artdy. Ähli ugurlary sanlylaşdyrmak işleri giň gerime eýe bolýar.

Biziň ýurdumyzda hem «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň öňdebaryjy ugurlaryny giňden ornaşdyrmak babatda işler alnyp barylýar.

www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň döredijilik topary hem okyjylar köpçüligine sanly ulgam, sanly ulgamyň ykdysadyýete goşandy, sanly ulgamyň adam durmuşyndaky täsirleri, sanly ulgamyň adalgalary (terminleri) barada has içgin hem-de täsirli taýýarlanan makalalar toplumyny ýetirmegi göz öňünde tutdy.

Giňişleýin okamak üçin https://www.atavatan-turkmenistan.com/30-sany-bayrak-size-garasyar-sanly-ulgam-barada-makala-baslesigi/