Sesi gaýtadan işleýän “Aflorithmic” kompaniýasynyň işgärleri we “UneeQ”-niň sanly adam modellerini döretmek boýunça hünärmenleri Albert Eýnşteýniň sanly görnüşini döretdiler. Esasy aýratynlygy, ol islendik soraga jogap berip bilýär diýip, ferra.ru habar berýär.

Albert Eýnşteýniň interaktiw modelinde “Aflorithmic”-iň hünärmenleri onuň sesini mümkin boldugyça takyk döretmek üçin taryhy ses ýazgylaryny öwrendiler. Şeýlelik bilen, alymyň ýokary äheňiniň we nemes aksentiniň bardygyny öwrendiler. Ses klonirlemegiň adaty usuly käbir kynçylyklary ýüze çykardy. Sebäbi ýazgylaryň öz hili pesdi, aksent sebäpli bolsa Eýnşteýniň näme hakda gürleýändigi hemişe düşnükli däldi. Şonuň üçin onuň sanly görnüşiniň sesi esasy aýratynlyklar bilen baýlaşdyryldy hem-de has düşnükli edildi.
Interaktiw modelde ulanylýan ulgam maglumatlary derňemäge we soraglara hakyky wagtda jogap bermäge ukyplydyr.  Jogap bermek üçin model 3 sekuntdanam az wagt sarp edýär.