Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSlider

Saglyga peýdaly hoz

19-03-2023 / 66

Hoz maňzy örän tagamlydyr. Bu daragtyň ýapragy, miwesiniň daşky gök gabygy hem dermanlyk serişde hökmünde ulanylýar. Hozuň maňzy saglyk üçin juda gymmatlydyr. Onuň düzümi ýag, belok, uglewodlar, karotin, E, P witaminler we başga-da peýdaly dokumalardan ybaratdyr.

Hoz çagalar üçin aýratyn  peýdaly önümdir. Hozuň ýapragyndan taýýarlanylýan şiresi dümewi, gijelewügi ýok edýär. Şahalaryndan we köküniň gabygyndan taýýarlanan melhemler damagyň we bokurdagyň sowuklama kesellerinde, diş gowşanda, dişiň eti zaýalananda, şeýle hem iç sürüji we aşgazana haýyrly serişde hökmünde ulanylýar.

Hozuň gabygynyň beýniniň şekiline meňzeşligi tötänden däldir, sebäbi hoz beýniniň işiniň has netijeli bolmagyna itergi berýär. E witaminiň, Omega-3 we polifenollaryň düzüminde köp bolmagy ýady gowlandyrmaga we konsentrasiýany ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Hozuň düzümine ýod, sink, demir, magniý we kaliý girýär. Hozdan tapylan biotin saçyň ösmegine we güýçlenmegine kömek edýär.

Keselden soň kuwwatlandyryjy we iýmit siňdirişi gowulandyryjy nygmat hökmünde hozuň maňzynyň deňi-taýy ýokdur.

Rena ALLABERGENOWA,
Daşoguz şäheriniň 28-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com