Slide
Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderTrend we gözellik

Sagat haýsy ele dakylmaly?!

06-01-2023 / 130

Erkekler üçin iň möhüm aksesuarlaryň biri sagat hem-de bileziklerdir. Polatdan, kümüşden ýa-da deriden ýasalan bileziklerden başga-da dürli görnüşli sagatlar daşky görnüşimizi bezeýär.

Aslynda, zenanlaryň bu ugurda has köp mümkinçiligi bar ýaly görünse-de, dürli bileziklerdir sagatlar erkekleriň modasyny güýçlendirýär.

Erkek adamlar adatça sagatlary we bilezikleri çep elinde ulanýarlar, ýöne bu haýsy eliňizi has köp ulanýandygyňyza bagly bolup durýan meseledir.

Çepbekeý erkekler, adatça sagadyny sag eline dakynmagy makul bilýärler. Sagat dakynanyňyzda, ony ulanmagyň aňsatlygyny göz öňünde tutuň! Bilezikler üçin sagadyň sazlaşygy berjaý edilmelidir. Bilezigiňiziň laýyklygy sagadyňyzyň stiline görä bolmalydyr. Sagadyňyzyň gapdalynda bilezik bar bolsa, olaryň ikisini hem bir bilekde ulanyp bilersiňiz.

Erkekleriň sagatlary diametri aýallaryňkydan has uly bolmaly. Kiçijik diametrli erkekleriň sagatlary bileklerini has kiçi görkezýär. Güýçli bilekler üçin dogry ölçeg sagadyny saýlamak möhümdir. Sagatlaryňyz üçin dürli gaýyşlar ulanyp, saýlawlaryňyzy köpeldip bilersiňiz.

A siz sagadyňyzy haýsy eliňize dakynmagy makul bilýärsiňiz?

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com