Mähribanlar, 

TÜRKMENgazet.com internet sahypamyz şahyrlarymyz üçin bäsleşik yglan edipdi. Bäsleşigiň şertlerine görä:

  • Rus dilinde ýazylan şahyr Natalýa Drazdowanyň goşgusyny türkmen diline terjime etmeli.
  • Terjime eden goşgyňyzy turkmengazet.zenan2021@gmail.com internet salgymyza Word formatda ugratmaly.
  • Terjime edilende, kapyýalara, bogunlara we manysyna üns bermeli.
  • Sözme-söz terjime bolmagy zerur däl. Esasy goşgy okalmaga aňsat we owadan bolmaly.
  • Bäsleşikde ýaş çäklendirmesi goýulanok.
  • turkmengazet.zenan2021@gmail.com salgymyza gelen ähli goşgular saýtymyzda ýerleşdirilip, okalan sany saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan hasaba alynýar.
  • Bäsleşik iýun aýynyň 18-ne jemlenýär: Eminleriň baha bermegi 50 %, TÜRKMENgazet.com saýtynda okalan sany 50%.

Bäsleşik şu gün jemlendi. Iň gowy 3 goşgy üçin bäsleşigimiziň hemaýatkärleri, ýagny “Makul Hyzmat”, “Makul Sözlük” tarapyndan surpriz sowgatlar taýýarlanyldy. Mähribanlar, bäsleşigimiziň jemi eminler bilen ara alnyp maslahatlaşylar we 19-nji iýunda yglan ediler.

 

TÜRKMENgazetden daşlaşmaň.