Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
BlogHabarlar

Redaktordan: Maksat-ýatda galmak däl, ýürekde galmak

Mähriban TÜRKMENgazet.com internet sahypamyzyň okyjylary,

“Maksat-ýatda galmak däl, ýürekde galmak” şygaryny kalbyna siňdiren TÜRKMENgazet redaksiýasynyň agzybir döredijilik topary size minnetdarlyk bildirýär: Internet sahypamyz ýurdumyzyň çäginde ilk onluga girdi. Ýagny, häzirki wagtda TÜRKMENgazet 9-njy orunda öz ýerini aldy.

Döränine az wagt geçmegine garamazdan, okyjylarymyzyň goldamagy bilen halk arasynda tanalmaga başladyk. Emma biz munuň bilen çäklenemizok. Çünki, biziň maksadymyz, siziň her biriňize ýetmek we her biriňiziň ýakyn syrdaşyňyz we maglumat çeşmäňiz bolmak. 

Häzirki wagta çenli saýtymyz ýurdumyzyň täzeliklerini, şahyrlarymyzyň, ýazyjylarymyzyň goşgudyr makalalaryny, şeýle-de psihologiýa, millilik, gözellik, žurnalistiň sahypasy, tagam taýýarlamak ýaly, maglumatlary size diňe türkmen dilinde ýetirip gelýär.

Ýakyn wagtda TÜRKMENgazet internet sahypamyz rus dilinde hem maglumatlary size ýetirip başlar. 

Biziň maksadymyz- ýadyňyzda galmak däl, ýüregiňizde galmak….

 

TÜRKMENgazet.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu