Slide
Slide
previous arrow
next arrow


HabarlarSport

«Real Madrid» La Ligada «Sewilýany» 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi

19-04-2022 / 5037

Ispaniýanyň ilkinji futbol ligasynyň 32-nji hepdesinde «Real Madrid» «Sewilýa» bilen duşuşygynda 3:2 hasabynda ýeňiş gazandy.

Çempionlyk ýaryşy üçin möhüm bolan ýaryşda 3-nji orunda barýan «Sewilýa» topary nobatdaky duşuşygynda «Real Madrid» bilen duşuşdy. Sewilýa oýnuň 1-nji ýarymynyň 21-nji minudynda Rakitiçiň, 25-nji minutda bolsa Lamelanyň derwezeden geçiren gollary bilen 2:0 hasabynda ýeňiş gazanýar.

«Real Madrid» 2-nji ýarymda bu netijäni üýtgetmegi başarýar.

«Anadolu Ajans»-yň habarlaryna görä, Rodrigo bilen 50-nji minutda aradaky tapawudy 1-e düşüren madridliler, 74-nji minutda toparyna ikinji goly hem getirmegi başarýar. Basyşy dowam etdiren, «Madrid» topary Naçonyň 82-nji minutda we Benzemanyň 90 + 2 minutda gazanan üçünji goly bilen toparyna 3 utuk gazandyrmagy başardylar.

Şeýlelikde, «Real Madrid» hasabyny 75-e ýetirdi, «Sewilýa» bolsa 60 utukda galdy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com