Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Raj Kapuryň gyzyna maslahaty

07-06-2022 / 5038

Dünýä meşhur hindi kinoaktýory hem režissýory, üç ogul, iki gyzyň kakasy Raç Gapur özüniň uly gyzy Ritu durmuşa çykanda, onuň nikalaşmak dessuryna bagyşlap, däbe öwrülen hoşlaşyk aýdymyny ýazýar. Onuň terjimesi:

«Jana-jan gyzym, özüňe berlen mähremligiňi gorap sakla hem-de akýürekli bolmaga çalyş. Hiç haçan kakaň lapyny keç etme.

Äriň ýüreginde berk orun al. Onuň bilen aragatnaşygyňyzda iň gymmatbaha zadyň seniň akýürekliligiňdir. Seniň borjuň äriňe hyzmat etmekdir. Goý, seniň durmuşyňda gam-gussa bolmasyn.

Öz öýüňde gülle, gül aç. Meniň sözlerimi hemişelik ýatda sakla, ýöne meni kem-kemden unutmaga çalyş. Men seni hemişe söýerin. Sen meniň ömrüm».

Taýýarlan Aknabat JUMMYÝEWA,
Halaç etrabynyň 37-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com