16-njy iýunda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň duşuşugy meýilleşdirilýär. TASS habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu duşuşyga gatnaşmak üçin halkara žurnalistleriň 1 müňden gowragy akkreditasiýa sorap ýüz tutdy. Häzirki wagtda olaryň ýüztutmalaryna seretmek işi dowam edýär. Şweýsariýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Pýer Alen Elçinger şeýle belleýär:

“Putin bilen Baýdeniň duşuşygyna gatnaşmak üçin 1 müňden gowrak žurnalist ýüztutma iberdi. Şweýsariýanyň daşary işler ministrliginiň Habarlar gullugy akkreditasiýalary gysga möhletde tamamlamak maksady bilen, hödürlenen maglumatlary barlamagy dowam edýär.”

Ýurduň daşary syýasat edarasynyň maglumatlaryna görä, Metbugat merkezi 14-17-nji iýun aralygynda Ženewanyň Halkara kongresler merkezinde hereket eder. Zerur enjamlar bilen üpjün edilen iş ýerleri — žurnalistleriň hyzmatynda. Olara çaý, kofe we arassa agyz suwy hödürlener. 

Metbugat merkezine giriş hatyny almak üçin sanitar talaplaryny berjaý etmek zerurdyr. Şeýle hem žurnalistlerden Şweýsariýa, Ýewropa Bileleşigi ýa-da Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan tassyklanan koronawirusa garşy sanjymlary alandygyny, test barlagyndan geçendigini ýa-da COVID-19-y geçirendigini tassyklaýan kepilnamasyny görkezmek talap ediler. 

 

Orazmuhammet HOMMODOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.