Eşidensiňiz-ä: pul bilen bagt satyn alyp bolmaýar. Aslynda ol doly dogry däl. Pul bilen belli bir derejede bagt satyn alyp bolýar. Näçe puluň bardygyna we ony nähili sarp edişiňe bagly.

Barlaga görä adamyň girdejisi köpeldigiçe bagtlylyk derejesi hem bir nokada çenli artýar. 2010-da geçirilen 450.000 amerikanyň gatnaşan barlagynda ýyllyk 75.000$-e çenli gazanýan adamlaryň has bagtlydygy orta çykdy.

Ine-de diňe puluň bolmagy däl-de esasy zerur bolan zatlaryň bolmagy, durmuş tejribelerinden lezzet almak, we sosial gatnaşyklaryň bolmagy ýaly faktorlaryň seniň bagtlylygyň üçin möhümdiginiň sebäpleri.

Esasy zerurlyklar

Finans terapisti we “The Financial Anxiety Solution” (“Maddy Aladalaryň Çözgüdi”) kitabynyň awtory Lindsay Bryan-Podvin ýyllyk 75.000$ girdejiniň bolmagy herkime zerur däldigini aýdýar. Iň esasy zat iýip-içim, ýaşaýan ýeriň bolmagy we saglyk. Ondan başga-da, girdejiňden gelýän bagt ýaşaýan ýeriň bahasy we öz şahsy gyzyklanmalaryňa görä üýtgeýär.

“Haçanda özümize maddy tarapdan seredip bilenimizde özümizi gowy duýýarys, elmydama stresli bolmak gowy däl” diýýär Lindsay Bryan-Podvin.

Keselleriň Öňüni Alyş Merkezine (CDC) görä, garyplyk derejesinden aşakda ýaşaýanlar, garyplyk derejesinde ýa-da ýokarda ýaşaýanlara garanda  depressiýada bolmaga 3-4 esse has ýakyn.

Birnäçe işde işlemän esasy zatlara puluň ýetende maşgalaň we dostlaryň bilen wagt geçirip bolýar, ol hem durmuşdan lezzet almagyň üçin örän möhüm. Garward uniwersitetinde geçirilen meşhur 80 ýyla golaý barlagda fiziki we ruhy saglyk ýagdaýlarynyň maglumatlary ýygnaldy. Barlagçylar ýakyn gatnaşyklaryň pul we tanymallykdan hem beter adamlary bagtly saklaýandygy netijesine geldiler.

Tejribe we materiallar

Esasy zerur zatlaryň bolansoň puluň bagt satyn alyp bilip bilmezligi ony nämä sarp edýänligiňe bagly.

Puly materiallara (zatlara) däl-de tejribelere sarp etmek seni has bagtly edýär diýen teoriýa bar. Munuň arkasynda hem käbir barlaglar bar. 2014-nji ýylda ýazylan bir makala tejribeleriň adamy has bagtly edýändigini, sebäbi ol sosial gatnaşyklary güýçlendirýändigini hemem tejribeleriň beýleki adamlara has az deňeşdirilýändigini tapdy.

2000-den gowrak milýanerleriň 78%-i  2014-de bir barlagda soralanda maddy zat satyn almagyň ýerine tejribelere pul sarp etmegiň tarapdarydygyny aýtdy.

Pul haçan bagt satyn alyp bilmeýär?

Puluň bagt diýmek däldiginiň sebäpleriniň biri pul köp gazansaň çykdajynyň hem köpelýändigi bolsa gerek. Meselem, öňkiden has gymmat restoranlarda garbanmak. Eger şolar ýaly bolsa köp pul gazanýan hem bolsaň ýeterlik puluň ýok ýaly görünmegiňiz mümkin.

Hemem bagt ol puly gazanmak üçin nähili işleýändigiňe-de bagly. Ýylda 300.000$ gazanyp bilersiň, emma hepdede 80-100 sagat işläp durmuşdan lezzet almayp bilmeseň manysy näme?

Umuman bagtly bolmak üçin nähili puluň gerekdigi esasy zerurlyklaryň nämedigine we öz gyzyklanmalaryňa bagly. Bir adam üçin ol konsert üçin bilet bolup biler. Beýleki biri üçin parkda gezelenç etmek, başga biri üçin bolsa ol belki ylgaw üçin aýakgaplardyr. Ýagny pul siziň bagtyňyza bagt goşup bilýär, eger ony halaýan zatlaryňyza sarp etseňiz.

Garward uniwersitetiniň barlagy: What makes a good life? Lessons from the longest study on happiness.