Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Habarlar

Polina Gurýewa: Olimpiýa ýeňşimi Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlaýaryn

— Tokioda geçirilýän nobatdaky Olimpiýa oýunlarynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp bolmagym başymy göge ýetirdi. Begenjiňi söz bilen beýan edip bolmajak duýgy! Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalyny gazanmagymyň gözbaşynda, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmek, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak babatdaky irginsiz tagallalary dur. Elbetde, Olimpiýa medalynyň eýesi bolmak — her bir türgeniň iň arzyly arzuwy. Şol maksada ýetmek üçin toparymyz bolup çeken ýadawsyz zähmetimiziň ýerine düşendigine çäksiz buýsanýaryn.Baş tälimçimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli türgenleşip, sebit we halkara derejeli ýaryşlara gatnaşmak bilen, görkezijilerimizi gün-günden gowulandyrdyk. Nobatdaky oýunlarda bolsa umumylykda 217 kilogram agyrlygy göterip, öz şahsy rekordymy täzeläp, Watanymyzyň sport medallarynyň gaznasynyň üstüni Olimpiýa medaly bilen ýetirmek bagty miýesser etdi.
Sportda ýeňiş gazanmakda türgeniň yhlasyna, ussatlygyna-da köp zat baglydyr welin, bu ugurda tälimçileriň, maşgalaň, ýakynlaryň hem goldawy örän zerur. Döwletimiz, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan iri sport ýaryşlaryna ýokary derejede taýýarlanmak üçin aňrybaş şertlerdir mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa ýeňişli menzillere bolan ynamymyzy has-da artdyrdy. Dünýäniň iň abraýly sport baýramçylygynda — Olimpiýa oýunlarynda gazanan medalymyň beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna özboluşly sowgat bolandygyna tüýs ýürekden begenýärin. Ýeneki ýyllarda-da iri sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmak ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmarys.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Ýene-de okaň
Kapalı
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com