Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


PsihologiýaSlider

Pişijekler testi

(psihologik test)

Aşakdaky surata serediň! Haýsy pişigi saýlaýarsyňyz? Ine, siziň üçin täze psihologik test!

  1. Birinji pişigi saýlan bolsaňyz — onda siz ýumşak we rahat, şeýle hem wepaly dost. Has dogrusy, siz ile goşulmaýan we köpçüligi halamaýan adam. Nätanyş adamlaryň ýanynda siz özüňizi oňaýsyz duýýarsyňyz, emma ýakynlaryň we dostlaryň arasynda azat. Haçan-da siz nätanyş adamlaryň arasynda bolup geleniňizden soň, elmydama ýekelikde galasyňyz gelýär.
  2. Ikinji pişigi saýlan bolsaňyz onda siz aladaçyl we gowulygy isleýän adam. Başgalaryň meselelerini siz özüňizkiden ýokarda goýýarsyňyz. Siz duýgur we duýgudaşlyk bildirýan adam. Siz wepaly adam we dostlaryňyzyň başga bir ýere ugramagy ýaly ýakymsyz pursatlary kyn başdan geçirýärsiňiz. Siz hemme zadyň oňat bolmagy üçi örän köp aladalanýarsyňyz.
  3. Üçünji pişigi saýlan bolsaňyz — onda siz döredijilikli we köpçüligiň yzyndan ýöremegi halamaýan adam. Siz ökde we köplenç, aşa syzgyr şahsyýet. Siz köp adamlardan duýgularyňyzy has çuňňur başdan geçirýärsiňiz. Siz täze taglymatlary oýlap tapmagy we olar barada bilmegi halaýarsyňyz.
  4. Dördünji pişigi saýlan bolsaňyz — onda siz açyk we şadyýan adam, ýone kä wagt guramaçyly Siz adamlary bagtly etmegi gowy görýärsiňiz.. Munda size wäşilik başarnygyňyz we aşpezlik endikleriňiz ýardam berýär. Siz wagtyňyzy açyk meýdanda arzuw edip geçirmegi halaýarsyňyz. Şuny etmek bilen, siz wagtlaýynça bolsa-da, hakyky durmuşdaky jogapkärçiliklerden gaçýarsyňyz. Ýöne haýsydyr bir işe başlasaňyz, onda siziň içiňizde hakyky işeňňir adam oýanýar. Siz özüňizi bolşuňyz ýaly alyp barýarsyňyz we ýasamalygy halamaýarsyňyz.
  5. Bäşinji pişigi saýlan bolsaňyz — onda siz ünsli we açyk adam. Siz elmydama öz pikiriňizi aýtmazdan öň başgalary diňlemäge taýýar. Käwagt siz adamlaryň haýsy duýgulary başdan geçirýändiklerini, olary gizlemeklige çalyşsalar hem duýýarsyňyz. Siz uly üstünlikli meseleleri çözmegi başarýarsyňyz we hemişe her bir adamyň garaýşyny göz öňünde tutýarsyňyz.
  6. Altynjy pişigi saýlan bolsaňyz — onda siz işeňňir we maksada okgunly adam. Siz näme isleýäniňizi bilýärsiňiz we maksada ýetmek üçin yhlas edýärsiňiz.  Size bolan garaýyşlar siz üçin wajyp, şonuň üçin adamlar sizi gowy tarapdan görmekleri üçin islendik wagtyňyzy sarp edip bilersiňiz. Siz mätäjä kömek etmäge hem taýýar. Käwagt siz çenden aşa köp wagtlap  agras bolýarsyňyz we aňsat  rahatlanmaýarsyňyz.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com