Çeşme: TDH.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça şertnamalary baglaşmak, ýurdumyzyň daýhan birleşiklerini we beýleki pile öndürijilerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Şu ýyl ýurdumyz boýunça 2 müň 100 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulýar.