Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiSlider

Pikir hoşalary

23-05-2022 / 5124
  • Bilmek — ylym bilen amalyň bitewüligidir.
  • Men-menlik adamzatdan başga närseleriň harap bolmagy üstaşyry aýlanyp, onuň öz haraplygy bilen gutarýar.
  • Ömür özüňi döretmegiň pursadydyr.
  • «Gel» diýlip çagyrylan söhbet hemme zatdan süýji bolýar.
  • Köňli ýykmak Hakyň ýaradanyna, ýagny erkine pitjiň atmakdyr.
  • Adyl patyşa — jemgyýetiň ruhy mugallymydyr.
  • Käşgä ynsanlar ilki tanaýşymyzdaky ýaly galsadylar.
  • Garaşýanyň-a gelmez, kowýanyňam gitmez. Durmuş-da…
  • Kimde-kim özüne degişli bagty bilmekçi bolsa, onda ol hökman hemme zatdan daşlaşyp görmeli.
  • Näzik zatlar özüni goramaga has ukyply bolýarlar.
  • Dowzah-a giresim gelmeýär, jennede hem özüm baramok.
  • Hemme zatlar geçýär, diňe geçmeýän zat — dünýäniň özi.

Toplan Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Bäherden etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com