Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Sagdyn durmuşSiziň üçin...

Peýdalymy ýa-da zyýanly?

Göräýmäge, jöwzaly tomus güni “Kola”, “Fanta”, “Pepsi”, “Limonad” ýa-da dürli miweleriň we ir-iýmişleriň şiresi garylan gazly suwlar suwsuzlygyňy gandyryp, ýüregiňi sowadaýjak ýaly bolup görünýär. Hakykatda welin, bu içgileri näçe köp içseň, şonça-da köp suwsaýarsyň. Üstesine, gazly suwlar olary yzygiderli ulanýan adamlaryň organizmine ägirt uly zyýan ýetirýär.

Gazly içgileriň düzümindäki şeker we turşular diş syrçasyny weýran edýär, dişlerdäki kalsini we beýleki minerallary ýuwup aýyrýar. Netijede dişler çüýräp, dökülip başlaýar.

Gazly içgiler dem almagy kynlaşdyrýar. Olara köp mukdarda goşulýan natriý benzonaty demgysmanyň, allergiki reaksiýalaryň ýüze çykmagyna-da getirip bilýär. Olary köp ulanýan adamlaryň wagtyň geçmegi bilen bronhial astma duçar bolmagy hem mümkin. Mundan başga-da gazly içgiler köp içilen halatynda semredýär. Limonadyň dürli görnüşlerinde köp mukdarda saklanýan şeker süýjüli diabetiň ýüze çykmagy üçin şert döredýär. Limonad içilenden 20 minut geçenden soň ganda şekeriň derejesi üzül-kesil ýokarlanyp başlaýar.

Gazly içgilerdäki fosfor turşusy süňkleri ýumşadýar. Köpürjikleýän içgileriniň gaplanýan bankalarynyň düzüminde bisfenol-A saklanýan madda bilen örtülýändir. Plastiki gaplarda we çüýşelerde hem saklanýan bu madda rak keseliniň döremek ähtimallylygyny ýokarlandyrýar, endokrin ulgamynda bozulmalaryň ýüze çykmagyna getirýär. Limonadlaryň köp görnüşinde aspartam saklanýar. Aspartamyň düzümindäki fenilalaniniň bedendäki serotinini ( şatlyk garmonyny ) azaldýar.

Meýlis SADYKOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu