Düýn “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň ýanynda paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna bagyşlanan halkara döredijilik dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň meşhur aýdymçylary gatnaşdylar.

Sanly ulgam arkaly geçirilen baýramçylyk konsertine paýtagtymyzyň doganlaşan şäherleriniň — Daşkendiň (Özbegistan), Duşenbäniň (Täjigistan), Nur-Sultanyň (Gazagystan), Bişkegiň (Gyrgyz Respublikasy), Ankaranyň (Türkiýe), Albukerkäniň (ABŞ), hyzmatdaş şäher bolan Ýerewanyň (Ermenistan) aýdymçylary gatnaşdylar. Olar aşgabatlylary gutlaýan ajaýyp hem-de tolgundyryjy wideorolikleri taýýarladylar.

Meşhur aýdymçylar milli lybaslarynda paýtagtymyza bagyşlanan täze aýdymy türkmen dilinde ýerine ýetirdiler. Aşgabat bilen dürli ýyllarda doganlaşan şäherleriň ajaýyp görnüşleri bu çykyşlara bezeg berdi.

Dabara gatnaşan sungat ussatlarynyň birnäçesi ozalky dürli medeni çäreleriň çäklerinde, şol sanda ýurdumyzda geçirilen dabaralarda türkmen aýdymçylary bilen bilelikde birnäçe gezek çykyş edipdiler. Özbegistandan “Farhod we Şirin” atly meşhur duet, “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, gyrgyzystanly Nuraýym Azykbaýewa, “Kazahkonsert” döwlet konsert guramasynyň aýdymçysy Didar Abduhalyk hem-de doganlaşan şäherleriň beýleki meşhur aýdymçylary aşgabatlylara öňden hem tanyşdyr.

Olar biziň ajaýyp baýramçylygymyza goşulyşyp, türkmen estrada ýyldyzlary bilen bilelikde, Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan täze aýdymy ýerine ýetirdiler.

Paýtagtymyzyň merkezinde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly monitorlarda dünýäniň dürli ýurtlarynyň artistleriniň çykyşlaryny hem-de Gündogaryň merjeni Aşgabadyň ajaýyp görnüşlerini şöhlelendiren baýramçylyk dabarasy ruhy agzybirlik duýgularyny döretdi.

Bu özboluşly konsertiň tomaşaçylary dowamly el çarpyşmalar bilen oňa ýokary baha berdiler. Maý aýynyň ajaýyp agşamynda parahatçylygyň, dostlugyň hem-de bagtyýarlygyň şäheri bolan paýtagtymyza bolan söýgi kalplary gurşap aldy.