Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


ReportažSlider

Paýtagtymyzda Täze ýyl simfoniýasy ýaňlanýar (fotogalereýa)

Bosagada — Täze ýyl! Paýtagtymyz Aşgabadyň giň köçelerinde ýerleşdirilen Täze ýyl bezeglerini synlaman geçmek mümkin däl. Ol şäher ýaşaýjylarynyň, myhmanlaryň ünsünden sypanok. Sebäbi Täze ýyl — bütin dünýäde ýylyň naýbaşy baýramy. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň häzirki zaman binalarynyň töwereginde Täze ýyl bezegli arçajyklar, owadan bezegler baýramçylyk keýpini bagyşlaýar. Agaçlaryň hem-de gyrymsy ösümlikleriň töwerekleri hem dürli öwüşginli yşyklar, çyralar bilen bezelipdir, olar agşamlaryna tutuş Täze ýyl görnüşiniň howada gaýýan ýaly täsirini döredýär.

Gowusy, müň gezek eşidenden, bir gezek göreniň ýagşy. Täze ýyl ruhuna beslenen paýtagtymyza fotosuratlarda tomaşa ediň!

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com