Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Slider

Pariž — 2024: dünýäniň ýadynda hemişelik galar

26-01-2022 / 5046

Fransiýanyň Prezidenti Emmanýuel Makron «L’Equipe» sport gazetine beren interwýusynda 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň Sena derýasynyň kenarynda, şeýle hem derýanyň özünde guraljakdygyny aýtdy. Fransuz Lideri: «Biz bu açylyş dabarasynyň ýatdan çykmajak waka öwrülmegini isleýäris» diýdi.      

Ýurduň Prezidentiniň sözünden görnüşi ýaly, kenarýakada guraljak açylyş dabarasy üçin häzirki döwrüň ähli mümkinçilikleri ulanylar. Şeýle hem bu dabara ähli fransuzlar üçin ähmiýetli wakalaryň biri bolar.  Häzirki wagtda dabarany edil haýsy zolakda guramak, onda nähili işleri göz öňünde tutmak we howpsuzlyk ýagdaýyny üpjün etmek  ýaly möhüm meseleleriň üstünde işlenilýär. Ýurduň Prezidenti 2024-nji ýyla çenli pandemiýa ýagdaýynyň aradan aýryljakdygyny umyt edýär. Ol eger bu ýagdaýyň dowam eden ýagdaýynda-da Fransiýanyň bu oýunlary geçirmekden ýüz döndermejekdigini aýdýar. Prezident Makron: «Biz eýýäm köp wagtdan bäri bu oýunlary özümizde geçirmek barada arzuw edýärdik we bu hukugy gazanmak ugrunda göreşdik. Biz mundan beýläk-de bu oýunlary talabalaýyk guramagy we onuň ähli döwletlere peýdaly taraplaryny açmagy başarmak ugrunda işleri dowam etdireris» diýip belledi.

Hormatly okyjylar! Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň taryhda indi üçünji gezek Fransiýanyň paýtagtynda geçiriljekdigini size ýatladýarys. Öňki Pariž Olimpiadasy 1900 we 1924-nji  ýyllarda geçirilipdi. 2024-nji ýylda sport oýunlarynyň 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Oňa 10,5 müň sportsmeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

«TürkmenGazet».


Fatal error: Uncaught Error: Call to undefined function ST4_single_hits2() in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php:508 Stack trace: #0 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php(692): tie_get_post_meta() #1 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-actions.php(260): tie_the_post_meta() #2 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(324): tie_post_extra_info_column() #3 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(348): WP_Hook->apply_filters() #4 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/plugin.php(517): WP_Hook->do_action() #5 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/templates/single-post/content.php(81): do_action() #6 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/classes/class-tielabs-helper.php(119): include('/var/www/vhosts...') #7 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/single.php(17): TIELABS_HELPER::get_template_part() #8 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/template-loader.php(106): include('/var/www/vhosts...') #9 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-blog-header.php(19): require_once('/var/www/vhosts...') #10 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/index.php(17): require('/var/www/vhosts...') #11 {main} thrown in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php on line 508
WordPress › Error

There has been a critical error on this website.

Learn more about troubleshooting WordPress.