Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Žurnalistiň sahypasy

Parahatçylygyň ýaş çaparlary

21-nji dekabrda DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan gurnalýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky tapgyry «Parfiýa we Hun döwletleriniň diplomatiýasy hem-de diplomatik däpleri» atly bölüme bagyşlandy.

Bäsleşigiň ikinji tapgyrynyň başynda mekdep okuwçylary bilen  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň muzeýine gezelenç guraldy. Döwlet muzeýiniň Antik taryhy bölümindäki gezelenjiň dowamynda bäsleşige  gatnaşyjy mekdep okuwçylar gadymy Nusaýyň çäginden tapylan dürli arheologik tapyndylar bilen tanyşdylar.

Bäsleşigiň şertine laýyklykda, okuwçylaryň ilki duran nokadyndan «Oguz hanyň altyn ýaýyna» çenli 5 göçüm bolup, sowallara dogry jogap beren okuwçy ýaýa tarap 1 göçüm göçmäge hukuk gazanýar. Okuwçylar 4 gezek «Sowallar sandygyndan» sowal çekenlerinden soň, dogry jogap berenler öňe saýlanyp, beýleki okuwçylar öz başlangyç nokatlaryna gaýdyp barýarlar. Sowallaryň 5-nji öwrümi diňe öňe saýlanan okuwçylara berilip, olaryň 2-si bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan edilýär.

Gyzgalaňly geçen akyl-paýhas bäsleşiginiň netijeleri boýunça Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk-mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Yhlas Hallyýew hem-de Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýnur Döwletýarowa ikinji tapgyryň ýeňijileri diýip yglan edildi hem-de bäsleşigiň indiki tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň ikinji tapgyryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, hem-de «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň ikinji tapgyry Türkmenistanyň  Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleýaýlymy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşigiň ikinji tapgyryna ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz.

Meýlis SADYKOW,

DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu