Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Žurnalistiň sahypasy

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» höwesjeň ýaş diplomatlary ýüze çykardy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I tapgyrynyň 4-nji oýny geçirildi. Bu gezek bäsleşik «Beýik Seljuk döwletiniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly mowzugy boýunça guraldy.

Bäsleşikde «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň  Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi, Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nurberdi Amanmyradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory, YHG-nyň «Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty» ugry boýunça sylagyň şeýle-de Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Ýazgylyç Orazgylyjow hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň kafedra müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty, professor Meretguly Öwlüýagulyýew dagy eminlik etdiler. Şol sanda, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artistleri hem gatnaşdylar.  Olar taryhymyzyň Şahsyýetleriniň bir böleklerini janlandyryp görkezdiler.

Gyzykly geçen akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 4-nji oýnunyň jemleri boýunça Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Leýli Osmanowa hem-de Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Täçjemal Piriýewa ýeňijiler diýip yglan edildi. Olar ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandylar we onda I tapgyrda ýeňiş gazanan ähli 8 toparyň ýeňijileri bäsleşerler.

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I tapgyrynyň 5-nji oýny 2022-nji ýylyň 10-njy martynda geçiriler. Ol «Horezmşalar döwletiniň daşary syýasaty we diplomatik däpleri» atly mowzuga bagyşlanar.

Akyl-paýhas bäsleşigine «Miras» teleýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz.

Nowruz KURBANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu